Iň täze habarlar

Türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy Tokioda maslahatlaşyldy

29.11.2023 | 09:48 |
 Türkmen-ýapon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy Tokioda maslahatlaşyldy

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti jenap Nobutaka Maekawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar iki ýurdyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri we ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşy barada pikir alyşdylar.

Ýapon tarapy kiçi we orta kärhanalaryň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly öz taraplaryndan zerur bolan ýardamlary bermäge taýýardygyny habar berdi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: