Iň täze habarlar

Ýewropa banky Türkmenistanda ýertudanalary ösdürip ýetişdirýän hususyýetçilere goldaw berýär

29.11.2023 | 09:42 |
 Ýewropa banky Türkmenistanda ýertudanalary ösdürip ýetişdirýän hususyýetçilere goldaw berýär

Türkmenistanyň ýertudana öndüriji we eksport ediji iň uly “Tudana” kompaniýasy, “Kiçi telekeçiler üçin konsultasiýlar” maksatnamasy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň grantlaryndan peýdalandy. Bu barada bankyň metbugat gullugy habar berýär.

Halkara konsultasiýalar kompaniýanyň esaslandyryjysy Batyr Röwşenowa ýyladyşhananyň suwaryş ulgamyny gowulandyrmaga we suwuň durnukly ulanylmagyny üpjün etmäge, şeýle hem suwuň, howanyň we ýagtylygyň seljermesi esasynda dökünleriň düzümini üýtgetmäge kömek etdi.

“Biz öz işimizi düýpgöter özgertdik. Netijede, ýertudana önümçiligini takmynan iki esse artdyryp, ýylda 56-dan 100 tonna çenli hasyl almaga ýöriteleşdik. Zyýankeşlere garşy himiki serişdeleri ulanmagy 95 göterim azaltdyk we bu babatdaky işleri has gowulandyrdyk. Indi 1 kilogram ýertudany ösdürip ýetişdirmek üçin ozalkydan 20 esse az suw ulanýarys” diýip, telekeçi gürrüň berýär.

“Tudana” hususy kärhanasy öz ýöriteleşen ugrunda ýurduň iň uly kärhanasy diýlip atlandyrylyp bilner. Kompaniýa tutuş ýurt boýunça 300 töweregi söwda nokadyna hyzmat edýär we öz önümlerini Gazagystana, Özbegistana hem eksport edýär. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň maksatnamasynyň kömegi bilen önümçilik meýdançasy 1,5 gektar giňeldi. Bellenişine görä, kärhana günde iki tonnadan gowrak taýýar önümi alyjylara ýetirýär.

Häzirki wagtda telekeçi ýertudana ösdürip ýetişdirmegiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirip, nahallar üçin täze ýyladyşhanalary gurýar.

ORIENT news

Foto: ebrd.com

Şeýle hem okaň: