Iň täze habarlar

BMG-da ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi

29.11.2023 | 04:09 |
 BMG-da ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi

BMG-da ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag güni bellenildi.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu sene mynasybetli gutlagynda abadan geljegi gurmak wezipesiniň ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamlaryna baglydygyny belledi.

“Ulag umumydünýä “gan aýlanyş ulgamy” bolup, onuň netijesinde adamlar we harytlar ýurtdan-ýurda geçýärler. Täze iş orunlary döredilýär we abadançylyk üpjün edilýär” diýip, BMG-niň baştutany aýtdy.

Ulag, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň sebäpleriniň biri bolup durýar. Parnik gazynyň zyňyndylarynyň dörtden biri ulag ulgamynyň paýyna düşýär. Ýerüsti, deňiz we howa ulaglarynyň sarp edýän energiýasynyň 91 göterimi gazylyp alynýan serişdelerden taýýarlanylýar. Şoňa görä-de, bu ulgamda dekabonizasiýany geçirmek kyn meseledir.

Guterriş adamzadyň daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän ýangyja bolan baglylygyndan saplanjakdygyna we durnukly ulag ulgamlaryny döretjekdigine ynam bildirdi.

“Elektromobillere we gün energiýasy bilen işleýän hereketlendirijilere, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýan uçar ýangyjyna geçmek, jemgyýetçilik ulagynyň “ýaşyl” ulgamlaryna uly möçberde maýa goýumlary gönükdirmek, daşky gurşawa zyňylýan galyndylar üçin töleg töletmek we ýangyjyň az uglerodly görnüşlerini höweslendirmek ýaly çäreleri geçirmek arkaly jemgyýet ekologiýa taýdan has arassa ösüş ýoluna düşüp biler” diýip, BMG-niň Baş sekretary belledi.

Bütindünýä durnukly ulag güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça esaslandyryldy. Degişli Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde kabul edildi. 67 döwlet bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

ORIENT news

Foto: awtoulag.gov.tm

Şeýle hem okaň: