Iň täze habarlar

Lukaşenko 2024-nji ýyly - hiliň ýyly diýip yglan etmek hakynda karara gol çekdi

28.11.2023 | 20:59 |
 Lukaşenko 2024-nji ýyly - hiliň ýyly diýip yglan etmek hakynda karara gol çekdi

2024-nji ýyl Belarus Respublikasynda "Hiliň ýyly" diýlip yglan ediler. Bu barada "BelTA" habarlar agentligi mälim edýär.

Degişli karara ýurduň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko gol çekdi.

Hil ýylynyň dowamynda aýratyn üns serişdeleri ünsli we rejeli peýdalanmak, ýokary tehnologiýaly we energetika taslamalary durmuşa geçirmek arkaly Belarus ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Şeýle hem, jemgyýetde oňyn durmuş garaýşyny kemala getirmek we umumy bähbit üçin işlemek islegini güýçlendirmäge tagallalar gönükdiriler. Durmuşyň ýokary hiline ýetmek üçin raýatlaryň arasynda şahsy jogapkärçiligiň döremegine ilkinji nobatda üns berilmegi meýilleşdirilýär.

Aleksandr Lukaşenko şu ýylyň sentýabr aýynda ýurduň Mogilýow sebitine iş sapary wagtynda geljek ýyly Hil ýyly diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürüpdi. ​

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: