Türkmenistan we Niderlandlar Patyşalygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
28.11.2023 | 00:09 |27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Niderlandlar Patyşalygynyň täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri, Astana ş.) Nikolaas Shermersiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ilçiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi we ýurduň daşary syýasat edarasynyň geljekki işlerde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga, söwda-ykdysadyýet, şeýle hem senagat, oba hojalygy we suw hojalygy ýaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça möhüm mümkinçiliklere ünsi çekdiler. Taraplar bilim we medeniýet pudagynda alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.
ORIENT news