Iň täze habarlar

Ýewropa täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary üçin ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlary geçirer

28.11.2023 | 09:19 |
 Ýewropa täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň kiçi we orta kärhanalary üçin ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlary geçirer

Ýewropa täzeleniş we ösüş banky türkmen işewürlerini ýaşyl özgerişe ýardam bermek boýunça webinarlara gatnaşmaga çagyrýar.

Webinarlar 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry-- 7-nji dekabry aralygynda dört ugur—oba hojalygy, dokma senagaty, syýahatçylyk we gurluşyk boýunça geçiriler. Sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary ara alyp maslahatlaşmalar görnüşinde iňlis dilinde (rus diline sinhron terjime edilip) guralar.

Okuw maslahatlaryna BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Halkara maliýe korporasiýasy (IFС), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) ýaly halkara guramalaryň we beýleki halkara düzümleriň wekilleri gatnaşarlar. Olar kiçi we orta işewürlik bilen meşgullanýan telekeçiler bilen howanyň üýtgemeginiň wehimlerine uýgunlaşmak we durnukly ösmek babatda tejribe paýlaşarlar.

28-nji noýabrda “Has ýaşyl ösdürip ýetişdirýäris: oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikler, çözgütler we mümkinçilikler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

30-njy noýabrda “Ýaşyl moda: dokma we egin-eşik önümçiliginde durnukly ösüş” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

5-nji dekabrda “Durnukly geljegiň hatyrasyna myhmansöýerlik: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we syýahatçylyk ulgamynda mümkinçilikler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

7-nji dekabrda “Howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak: gurluşyk ulgamynda ýük getirmeleriň zynjyry üçin wehimler” atly webinar geçiriler. Şu salgyda bellige durup bolýar.

ORIENT news

Foto: Ýewropa täzeleniş we ösüş banky tarapyndan

Şeýle hem okaň: