Mejlisiň Başlygy alžirli diplomatdan ynanç hatyny kabul etdi
27.11.2023 | 23:52 |Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly wekili diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy we netijeli döwletara dialogy ösdürmegiň bähbidine jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.
Mejlisiň ýolbaşçysy we diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
ORIENT news