Türkmen wekiliýeti BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşar
27.11.2023 | 12:33 |Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 26 — 30-njy noýabr aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolýar. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Türkmen wekiliýeti saparynyň çäklerinde şeýle hem, Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer.
ORIENT news