Iň täze habarlar

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistana geler

27.11.2023 | 00:25 |
 HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistana geler

Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň birinji wise-premýeri Din Sýuesýan noýabr aýynyň ahyrynda Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlyk toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýerleri 26-30-njy noýabr aralygynda Gazagystana we Türkmenistana baryp, Gazak-Hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň 11-nji mejlisine we Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlyk toparynyň 6-njy mejlisine gatnaşar.

Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlyk toparynyň 5-nji mejlisi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda sanly ulgam görnüşinde geçirildi. Onuň jemleirne laýyklykda, Türkmenistan bilen HHR-iň Hökümetleriniň arasynda 5 ýyl ýyllyk (2021-2025) hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna we beýleki resminamalara gol çekildi.

Şu ýylyň 18-nji oktýabrynda Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” atly ýokary derejeli hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan bilen özara gepleşikleri geçirildipdi.

ORIENT news

Foto: Sinhua

Şeýle hem okaň: