Iň täze habarlar

SPEKA gatnaşyjy döwletleriň sammitiniň Baku Jarnamasy kabul edildi

25.11.2023 | 16:12 |
 SPEKA gatnaşyjy döwletleriň sammitiniň Baku Jarnamasy kabul edildi

Bakuwda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşýan döwletleriň ilkinji sammiti tamamlandy. "Azertag" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, sammitiň netijeleri boýunça Baku Jarnamasy kabul edildi.

Bu resminama Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Prezidentleri we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gol çekdi.

Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň platformasy hökmünde SPEKA-nyň eýeleýän ähmiýetli ornuny mundan beýläk-de artdyrmak, bu halkara gurluşyň çäginde yzygiderli gepleşikleri we işleriň netijeli utgaşdyrylmagyny üpjün etjek zerur gurallary döretmek barada ylalaşdylar.

Jarnamany kabul etmek bilen, taraplar "ýaşyl" we howpsuz geljege SPEKA sebitiniň durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşini goldamak baradaky umumy meýillerini görkezip, ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýärler.

Baku Jarnamasy gatnaşyjy döwletleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady geňeşi (UNECE), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş geňeşi (ESCAP) we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriler.

ORIENT news

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: