Belarus we Hytaý Halkara Aý barlagy stansiýasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar
21.11.2023 | 21:31 |“Týandu” çuň kosmos gözleg laboratoriýasynyň we Şanhaý ylmy-barlag institutynyň wekilleri belarus-hytaý “Uly daş” senagat parkyna iş sapary amala aşyrdylar.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň çäginde taraplar Aýyň üstüni (HABS) öwrenmek üçin halkara stansiýany döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegi barada şertnama baglaşdylar. Duşuşykda howa giňişligindäki taslamalary durmuşa geçirmekde mundan beýläkki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesi gozgaldy.
HABS Aýyň orbitasynda ýa-da onuň üstünde meýilleşdirilen işleýän stansiýa bolar. Taslamanyň maksady, Aýyň üstüni köp ugurly öwrenmek üçin uniwersal platforma döretmekdir. Onuň gurluşygyna 2026-njy ýylda başlanar.
ORIENT news