Iň täze habarlar

Emeli intellekt gazagystanlylara resminamalary dolduryp berer

22.11.2023 | 10:22 |
 Emeli intellekt gazagystanlylara resminamalary dolduryp berer

Raýatlaryň islegleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrligi emeli intellekt tehnologiýasyny giňden ornaşdyrmagy maksat edinýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligi mälim edýär.

Emeli intellekt ulgamynyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň resminamalaryny gije-gündiziň dowamynda gaýtadan işlemäge we göni aragatnaşyk arkaly olaryň ähli soraglaryna jogap bermäge mümkinçilik berer.

“Biziň esasy maksadymyz ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat. Indi kiçi çagadan başlap, pensiýa çykýan her bir raýat “WhatsApp” we “Telegram” ýaly sosial ulgamlary ulanyp biler. Edil şonuň ýaly-da, hödürlenilýän hyzmatlar hemmeler üçin düşnükli we ýönekeý bolmaly” diýip, Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň ýolbaşçysy Bagdat Musin mälim edýär.

Onuň nygtamagyna görä, ýurduň Hökümeti diňe bir sanly hyzmatlary köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda öňden bar bolanlary kämilleşdirmegi we dürli ugurlarda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

ORIENT news

Foto: ysia.ru

Şeýle hem okaň: