Iň täze habarlar

Hytaý ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda

22.11.2023 | 09:47 |
 Hytaý ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda

Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.

Hytaý ählumumy maglumat ulgamyny döretmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaýyň 5G ulgamy ulanyjylaryň sany we gurşap alýan meýdany boýunça dünýäde iň uly 5G ulgamydyr.

Munuň özi geljekde Hytaýyň ykjam aragatnaşyk pudagynyň optiki we hemra aragatnaşyk, şeýle hem ulag serişdeleriniň Intertedi ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hataryna geçjekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary korporasiýasynyň (Сhina Information аnd Сommuniсation Teсhnologies Group Сorporation)
baş direktorynyň orunbasary we baş inženeri Çen Şanži Сhina daily web-saýtyna beren interwýusynda Hytaýyň maglumat-kommunikasiýa pudagynda giň zolakly elýeterlilik, utgaşdyrmak, durnuklylyk we howpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegine uly üns berjekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýokary geçirijilik ukybyny gazanmak we hemra hem-de ýerüsti ykjam aragatnaşygyny utgaşdyrmak zerur bolup durýar. Aragatnaşygyň emeli intellekt bilen utgaşdyrylmagy, daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy beýleki möhüm ugurlar bolup durýar.

“Bularyň hemmesi müşderilerimize we umuman tutuş pudaga toplumlaýyn çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik berer” diýip, Çen Şanži belledi.

ORIENT news

Foto: tadviser.ru

Şeýle hem okaň: