Türkmenistan GH-niň zenanlaryň hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça maslahatyna gatnaşýar
20.11.2023 | 15:53 |Şu gün Bakuwda zenanlaryň hukularyny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Goşulyşmazlyk hereketiniň Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.
Interaktiw özara täsiriň elementleri bilen birnäçe panel çekişmelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Duşuşygyň açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Adalatçysy Sabina Aliýewa, Döwlet synag merkeziniň müdiriýetiniň başlygy Maleýka Abbaszade, Azerbaýjanyň ilkinji Adalatçysy Elmira Süleýmanowa we beýleki işgärler çykyş etdiler.
Türkmenistan Zenanlar Bileleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň ähli ugurlarda gender deňligini işjeň goldaýandygyny belledi. “Zenanlara hormat goýmaklyk türkmen halkynyň milliliginde öz beýanyny tapýar. Gender deňligi, biziň tagallalarymyzyň esasy ugurlaryndan biridir. Zenanlara garşy diskriminasiýany ýok etmäge gönükdirilen ähli borçnamalar ýerine ýetirilýär"-diýip, Durdyýewa nygtady.
Maslahata halkara guramalary hem gatnaşýar, şol sanda: BMG, ISESCO we Halkara türki medeniýeti we mirasy gaznasy bar. Çärä dünýäniň dürli künjeklerinden: Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri we beýleki birnäçe ýurtlardan hünärmenler gatnaşdy.
Goşulyşmazlyk hereketi harby-syýasy bloglara gatnaşmaýandyklaryny we daşary syýasatynyň esasy hökmünde garaşsyzlyk we deňlik ýörelgelerinde parahatçylykly ýaşaşandygyny yglan eden ýurtlary özüne birleşdirýär. Oňa jemi 120 döwlet girýär we başga-da birnäçe ýurtlar we halkara guramalar onda synçy statusyna eýedir.
ORIENT news