Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
21.11.2023 | 11:38 |Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, telekeçiler Berlin şäherindäki “Humboldt Carre Berlin” kongressler merkezinde geçirilen Türkmen-german işewürlik forumyna gatnaşdylar.
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň howandarlygynda geçirilen bu çärä Türkmenistanyň we Germaniýanyň işewür toparlarynyň iki ýüz töweregi wekili gatnaşdy. Forumy geçirmegiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim boljakdygy bellenildi.
Duşuşykda türkmen-german gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da iri german kompaniýalary we maliýe we bank gurluşlary bilen hyzmatdaşlykda, sanly çözgütleri we elektron bank işini girizmegiň tejribesini öwrenmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Noýabr aýynyň ahyrynda türkmen işewür topary Beýik Britaniýanyň London şäherinde hem işewürlik forumyna gatnaşarlar.
ORIENT news