Parižde ekologiýa taýdan arassa Täze ýyl arçalary ýakyldy
20.11.2023 | 20:41 |Täze ýyl ýa-da käbir Ýewopa ýurtlarynda atlandyrylyşy ýaly, Roždestwo baýramyna çenli bir aýdan gowrak wagt bar. Ýöne Ýewropanyň esasy şäherleriniň biri bolan Parižde baýramçylyk möwsümine eýýämden badalga berildi. Şäheriň merkezi köçesinde Täze ýyl bezegleri şöhle saçdy, diýip Euronews habar berýär.
Dabara Parižiň häkimi Ann Idalgo we Ýeliseý meýdançasy komitetiniň prezidenti Mark-Antuan Žame gatnaşdy.
Mark-Antuan Žameň mälim edişine görä, bu ýylky Täze ýyl bezegleri ekologiýa taýdan arassadyr. Galyberse-de, Ýeliseý meýdançasynyň yşyklar arkaly bezeginde sarp edilýän energiýa 4 adamlyk öçde sarp edilýän energiýa barabardyr.
"2007-nji ýyldan bäri iş ýagdaýynyň, enjamlaryň, energiýa üpjünçiligiň özgerdilmegi bilen energiýa sarp edilişini 98 göterim azaldyp bildik" - diýip, ol aýdýar.
ORIENT news