Hytaýyň “Transsion” kompaniýasy dünýäniň iň iri dördünji smartfon öndürijisi bolup biler
20.11.2023 | 12:34 |“International Data Corporation” atly Halkara gözleg we maslahat beriş kompaniýasynyň mälim etmegine görä, Hytaýyň “Transsion” kompaniýasy dünýäniň iň iri dördünji smartfon öndürijisi bolup biler.
Şeýlelikde, şu ýylyň üçünji çärýeginiň jemlerine laýyklykda, kompaniýa dünýä bazarynyň 8,6% -ini eýeledi we bu babatda dördünji orunda barýan “Oppo” kompaniýasyndan biraz yza (8,9%) galdy.
Ýaponiýanyň iň uly media korporasiýalarynyň biri bolan “Nikkei Asia” -nyň habaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri “Transsion” kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 20 göterim, arassa girdejisi bolsa 70 göterim artyp, jemi 5,8 milliard dollara barabar boldy.
“Transsion” smartfon bazarynda täze dörän oýunçylaryň biridir. Ol 2006-njy ýylda Hytaýyň günorta-gündogaryndaky Şençžen şäherinde esaslandyryldy. Kompaniýa häzirki wagtda göterýän ady bilen 2013-nji ýyldan bäri tanalýar.
“Transsion” kompaniýasy Afrikada we Günorta Aziýada “Tecno”, “Itel” we “Infinix” haryt nyşanly mobil telefonlaryny satýar. Şeýle hem kompaniýa “Carlcare” kömekçi hyzmatyny dolandyrýar.
ORIENT news