Özbegistanly okuwçy zäherli gazlardan halas edýän enjamy oýlap tapdy
20.11.2023 | 10:08 |Özbegistanly dokuzynjy synp okuwçy - Ozodbek Hoşimow – adam saglygyna zyýanly gazlardan zäherlenmegiň, ýangynyň ýa-da tüssäniň howpy barada degişli hyzmatlara awtomatiki habar berýän enjamy oýlap tapdy.
"Gyş paslydy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zyýanly gazlaran ýogalýan adamlar hakda habarlar peýda bolup başlanda, munuň birneme öňüni almaly diýip pikir etdim. Şeýlelikde, şeýle oýlap tapyşy döretmek pikiri kelläme geldi" diýip, Ozodbek belleýär.
Ýangyn howpy dörände enjam derrew jaýyň ýaşaýjylaryna, şeýle hem degişli edaralara geolokasiýa arkaly öňüni alyş işlerini geçirmek üçin duýduryş iberýär. Bu oýlap tapyş häzirki wagtda patent bermek tapgyryndadyr.
Mekdep okuwçysynyň bu enjamy döretmegine we kämilleşdirmegine onuň 22 ýaşly mugallymy Kamoliddin Abdukahhorowyň ýakyndan goldaw berendigi bellärliklidir.
ORIENT news