Iň täze habarlar

“Ýüpek ýoly” 2024 rallisiniň ugry kesgitlendi

17.11.2023 | 12:53 |
 “Ýüpek ýoly” 2024 rallisiniň ugry kesgitlendi

Ýewraziýadaky iň uly awtoulag ýaryşynyň 14-nji tapgyry 2024-nji ýylyň tomsunyň ortalarynda 5-15-nji iýuly aralygynda bolup, üç ýurduň çäginden geçer.

Geljek 2024-nji ýyl — “Ýüpek ýoly” halkara ralli ýaryşy üçin aýratyn ýyldyr. Ilkinji ýaryşy 2009-njy ýylda bolup geçen bu taslama 15 ýaşaýar. Köp ýyllaryň dowamynda “Ýüpek ýoly” rallisi ýurtlary we halklary, medeniýeti we taryhy birleşdirdi, mümkin bolmadyklaryna çagyryş bolmak bilen, dünýäde iň tolgundyryjy sport ýaryşlarynyň biri bolmagynda galýar. Taslamanyň web sahypasynda berilýän habara görä, ýaryşyň müdirligi geljek ýylda “Ýüpek ýoly” ýaryşyna gatnaşyjylara täze gyzykly we dürli ugurlary hödürlär.

Ýaryş, tebigy landşaftlaryň gözelligini we üýtgeşik dürlüligini Russiýanyň, Mongoliýanyň we Hytaýyň dürli ýollaryny bir ugur bilen birleşdirip, täze görnüşde görmäge mümkinçilik berer. Ekipažlar 2021-nji ýyldaky ýörite tapgyrlaryň gatnaşyjylary özboluşly häsiýeti bilen haýran galdyrýan - tehnikanyň doly güýjüni duýmaga mümkinçilik berýän depgin we ýokary tizlikli çäkleri, şeýle hem ajaýyp daglyk we peýzažly Altaýa gaýdyp gelmeli bolarlar. Soňra türgenler Günbatar Mongoliýadaky Jungariýa landşaftlarynyň ajaýyp gözelligine, şeýle hem gümmezleri we çägeleri bilen Gobi çölüni synlap bilerler. Ýoluň soňky bölegi Hytaý Halk Respublikasynda ýörite ýaryşlar üçin döredilen ýaly görünýän landşaftlar arkaly amala aşyrylar.

Dolandyryş we tehniki barlaglar 4-5-nji iýulda Tomskda geçiriler, barlaglar tamamlanandan soň ýörişiň dabaraly başlangyjy 5-nji iýulda agşam geçiriler. 11 tapgyryň dowamynda ekipažlar dürli howa şertlerinde we dürli örtüklerde – hemişelik doňaklyk zolaklaryndan, Güniň guradan çöllerine çenli söweşmeli bolarlar, Ýaryşyň tamamlanyş dabarasy 15-nji iýulda Hytaýyň Horgos şäherinde bolar.

“Ýüpek ýoly” adatça iň oňat sürüjileri we güýçli toparlary özüne çekýär. Janköýerler ýörite ulaglary, ähli ýollar üçin niýetlenen motoulaglary, ýük awtoulaglary, motosikller we dört tekerli ATV-ler kategoriýalaryndaky, şeýle hem eýýäm tanyş “G-Moto Ghallenge” (motosikller) kategoriýasynda ekipažlaryň we mehanikleriň kömegi bolmazdan ýeke sürüjileriň özleriniň ýola çykjak gyzykly ýaryşyna garaşyp bilerler.

ORIENT news

Foto: silkwayrally.com

Şeýle hem okaň: