"Starlink" hemra antennalary öňkülerinden has uly we kuwwatly boldy
18.11.2023 | 15:03 |Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "SpaceX" kompaniýasy özüniň "Starlink" atly hemra antennalarynyň täze görnüşini çykardy.
Kompaniýa täze antennanyň aýratynlyklaryny, onuň suratlaryny we wideoşekilini özüniň web-saýtynda halk köpçüligine ýetirdi. “Starlink” öý antennasynyň ikinji täze nesilli modeliň göwrümi özünden ozalky görnüşden 60 santimetr ulaldy. Şol bir wagtda onuň kuwwatlylygy hem ýokarlanyp, ortaça energiýa sarp edişi 75-den 100 Wt çenli ýokarlandy.
Onuň daşky görnüşinde iň göze ilýän üýtgeşiklik, antennada aýlanýan direg enjamynyň ýoklugydyr. Kompaniýa täze görnüşde antenniň ugruny üýtgetmek üçin diňe burçy sazlaýan diregi galdyrdy. Antennany jaýyň üçegine hem bekidip bolýar.
Täze model, has ýokary derejeli suw we tozan durnuklylygna eýedir. Ony 1 metr suwuň aşagynda 30 minutlap saklasaň hem ýene işlemäge ukyplydyr.
Täze emeli hemra antennasy öý hojalygynda ulanmak üçin niýetlenenip, ýokary ýygylykly aragatnaşyk hyzmatyny üpjün etmäge niýetlenendir. Geljekde “SpaceX” täze “Gen 3” atly ruterli antennasyny satmagy meýilleşdirýär. Ol täze "Wi-Fi 6" neslini goldap, onda iki sany "Ethernet" porty bolar.
ORIENT news