Iň täze habarlar

Diller instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda rus dili boýunça olimpiada gurar

18.11.2023 | 10:12 |
 Diller instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň talyp ýaşlarynyň arasynda rus dili boýunça olimpiada gurar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Merkezi Aziýa döwletleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda rus dili boýunça halkara ders olimpiadasyny geçirer. Bu barada ýokary okuw mekdebi "ORIENT-e" habar berdi.

Ders bäsleşigine Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrzgyzystandan talyp ýaşlar gatnaşyp bilýärer. Oňa gatnaşmak isleýänler 30-njy noýabra çenli institutyň resmi web-saýty arkaly özlerini hasaba *onlaýn hasaba aldyrmalydyr. Olimpiada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan islendik talyp gatnaşyp biler.

Ders olimpiadasy bellenen tertipde institutyň resmi web-saýty arkaly (datmddi.edu.tm) 6-7-nji dekabrda bir aýlaw boýunça geçiriler. Olimpiada gatnaşjak talyplar üçin ýumuşlar we testler institutyň sanly internet portalynda ýerleşdiriler.

Olimpiadanyň ýeňijileri 9-njy dekabrda institutyň web-saýtynda yglan ediler. Ýeňijiler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň diplomlary bilen sylaglanar.

ORIENT news

Foto: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Şeýle hem okaň: