Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça tejribe geçirilýär
17.11.2023 | 04:13 |Russiýada planetalar arasy kosmos uçuşy boýunça halkara synag barlag tejribesi geçirilýär. "SIRIUS-23" diýlip atlandyrylýan bu taslama 365 gün dowam eder.
Synag tejribesi adam bedeniniň ýyllyk izolýasiýa şertlerine uýgunlaşmagyň mehanizmlerini öwrenmek maksady bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Lukmançylyk we biologiýa meseleleri institutynyň (IMBP) toplumynda geçirilýär.
Emeli ýaşaýyş mekany bolan bu toplumyň dünýäde deňi-taýy ýok. Ol sowet döwrüniň alymy Sergeý Pawlowiç Korolýow tarapyndan planetalar arasyna gatnaýan agyr kosmiki gäminiň nusgasy hökmünde döredildi. Bu toplum 1971-nji ýylda işe girizildi. "SIRIUS-23" tejribe taslamasyna birnäçe halkara guramalardan wekiller, Hindistandan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Kanadadan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşar.
Synag toparyna ekipaž komandiri Ýuriý Çebotarýow (Russiýa), lukman Kseniýa Orlowa (Russiýa), uçuş inženeri Anjelika Parfýonowa (Russiýa), şeýle hem ylmy-barlagçylar Rustam Zaripow (Russiýa), Kseniýa Şişenina (Russiýa) we Olga Mastiskaýa (Belarus) agza bolup girýär.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Biolukmançylyk meseleleri institutynyň direktory Oleg Orlowyň bellemegine görä, izolýasiýa gözlegleri fiziologiýa pudagynda köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Nygtalyşy ýaly, bu toplum ýaly dünýäde ikinji desga ýok. Şonuň üçin-de, ol hemişe daşary ýurtly kärdeşleriň ünsüni özüne çekýär.
Taslamanyň çäginde ilkinji synag 2017-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilip, ol 17 gün dowam edipdi.
ORIENT news