Iň täze habarlar

“iOS” enjamlaryny ulanyjylar üçünji tarapdan hem programmalary ýükläp bilerler

13.11.2023 | 11:15 |
 “iOS” enjamlaryny ulanyjylar üçünji tarapdan hem programmalary ýükläp bilerler

“Apple” kompaniýasy özüniň “iOS” enjamlaryny ulanyjylara programmalary islendik çeşmeden ýükläp almaga mümkinçilik döreder.

IOS enjamlaryna üçünji tarap çeşmelerinden programmalary gurnamaga mümkinçilik döretmek üçin kompaniýanyň tagallalary durmuşa geçirýändigi gözlegçiler tarapyndan “iOS 17.2” kodlarynda ýüze çykaryldy. Şol sanda, taýýarlaýjylaryň programmalary çalt döretmegine ýardam edýän taýýar gurallar toplumy bolan “Managed App Distribution” atly çarçuwa işe girizildi. Bu programma üpjünçiliginiň interfeýsiniň giňeltme nokady bar. Ol beýleki programmalaryň bu görnüşli giňeltmeleri döredip biljekdigini aňladýar.

Ulgamyň ýene bir täzeligi, ol üçünji taraplaryň programmalaryny enjamda işe girizmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, programmalary döredijiler özbaşdak goşundylar dükanyny hem döredip bilerler.

Häzirki wagtda “iOS” operasiýa ulgamynyň ulanyjylary diňe “Apple-iň” mobil goşundylar platformasy bolan “App Store-dan” programmalary ýükläp, işe girizip bilýärler. Geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi ulanyjylara islendik çeşmeden programmalary ýükläp almaga rugsat bermegi kadalaşdyrýan Sanly bazarlar baradaky kanuny kabul etdi.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: