2027-nji ýyla çenli Hindistan programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça dünýäde iň iri merkez bolar
13.11.2023 | 07:38 |2027-nji ýyla çenli Hindistan programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça dünýäde iň iri merkez bolar. Işläp taýýarlaýjylar üçin GitHub platformasy özüniň her ýyllyk Octowerse barlagynda şeýle çaklamany getirýär.
Hasabata görä, Hindistan programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň sany boýunça ýurtlaryň reýtinginde ilkinji hatara geçdi. Diňe 2023-nji ýylda bu ýurtda 3,5 million täze işläp taýýarlaýjy peýda boldy, olaryň umumy sany bolsa 13,2 milliona ýetdi.
Şeýle depginler bilen Hindistan 2027-nji ýyla çenli ABŞ-dan öňe geçer we dünýäde işläp taýýarlamak boýunça iň iri merkeze öwrüler.
Hindistandaky kärhanalarda sanly özgeriş boýunça başlangyçlaryň sany barha artýar. Kompaniýalar IT ulgamyna maýa goýumlary artdyrýarlar. Emeli intellektiň giňden ornaşdyrylmagy we IT infrastrukturasynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi maýa goýumlaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
ORIENT news