Hytaýyň Uçžen şäherinde Bütindünýä internet maslahaty geçirilýär
09.11.2023 | 00:42 |Şu ýylyň Bütindünýä internet maslahaty 8 – 10-njy noýabrda Hytaýyň Uçžen şäherinde geçiriler. Onu esasy mowzugy “Inklýuziw we durnukly sanly dünýäni gurmak – kibergiňişlikde jemgyýetiň ykbalyny döretmek üçin bilelikdäki iş” diýlip atlandyrylýar.
Forumda öňdebaryjy tehnologiýalaryň köp sanlysy görkezilýär. Bu barada Dünýäniň internet ylmy we tehnologiýalary muzeýine salgylanyp, “China Daily” neşiri habar berýär.
Bu 43 müň inedördül çäkde ýerleşýän we 7 müň inedördül metrlik sergi meýdançasy bolan dünýäde ilkinji internet muzeýidir. Bu ýerde internet ulgamyna degişli esasy tehnologiýalary, san görkezijilerini we täzelikleri görmek bolýar.
Muzeý “Internetiň ýagtylygy” atly sergi bilen utgaşyklykda ýerleşýär. Bu sergi soňky 10 ýylda täze döredilýän robot enjamlaryny görkezip uly meşhurlyga eýe bolýar. Sergä dünýäniň islendik künjeginden wekiller gatnaşdylar.
ORIENT news