Hytaýda eplenýän smartfonlary öndürýän esasy ýedi kompaniýa
01.11.2023 | 10:29 |Hytaýyň eplenýän smartfonlar bazary depginli ösüş görkezýär. Bu barada China daily habar berýär.
IDC bazary öwreniş we maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä şu ýylyň üçinji çärýeginde bu enjamlaryň iberilişi 1,96 million birlige deň boldy. Munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 90,4 göterim artykdyr.
Mundan başga-da, eplenýän smartfonlaryň meşhurlygy hem barha artýar.
Şu ýylyň üç çärýeginde Hytaýda eplenýän smartfonlary öndürýän ýedi iri kompaniýanyň bazardaky paýlary şeýledir:
№7—Lenovo bazardaky paýy 2%
№6—Xiaomi bazardaky paýy 5,2%
№-5--Vivo bazardaky paýy 12,7 %
№-4 –-Honor bazardaky paýy 15,1 %
№-3--Samsung bazardaky paýy 15,4 %
№-2--Oppo bazardaky paýy 17,9 %
№-1--Huawei bazardaky paýy 31,7 %
Bu kompaniýalar eplenýän smartfonlar bazaryny ösdürýärler. 2022-nji ýylda şeýle meýiller ýüze çykdy: eplenýän smartfonlar adatdakysyndan has inçe boldy we bu ugurdaky işläp taýýarlamalar dowam etdirilýär, olaryň dizaýny kämilleşdirilýär.
ORIENT news