"ChatGPT Plus"-da resminamalary ýüklemek we seljermek hyzmaty elýeterli edildi
01.11.2023 | 09:48 |Awtomatik okatmak esasynda tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we patentleşdirmäge ýöriteleşen "OpenAI" amerikan kompaniýasy özüniň "ChatGPT Plus " programmasyna birnäçe täze hyzmatlary girizdi.
Şeýlelikde, indi ulanyjylara dürli formatdaky maglumat faýllaryny ýüklemek we seljermek mümkinçiligi döredildi.
"ChatGPT Plus " çat-botuna faýllary ýükläniňden soň, ony gaýtadan işlemek üçin sähelçe wagt gerek. Bu faýllary ýüklemek we seljermek hyzmatynyň aýratynlygydyr. Şeýle hem, çat-bot maglumatlary umumylaşdyryp, soraglara jogap berip we maglumatlary şekil görnüşine geçirip bilýär. Bu hyzmaty ýazgy we grafik şekillerdäki maglumatlar üçin-de peýdalanyp bolýar.
Ulanyjylara multimodal ýardam bermek hyzmaty hem elýeterlidir. Şeýlelikde, ulanyjy bilen aragatnaşygyň çäklerinde, çat-bot gerekli iş ýagdaýyny ulanyja hödürläp bilýär.
Girizilen bu täzelikler çat-botlary has oňaýly we netijeli ulanmaga şert döredip, gündelik we işewürlik şertlerde emeli intelleki ulanmak üçin täze gözýetimleri açýar.
ORIENT news