Iň täze habarlar

“Xiaomi” ýyladýan we zyýansyzlandyrýan “akylly” düşekleri hödürleýär

22.10.2023 | 22:39 |
 “Xiaomi” ýyladýan we zyýansyzlandyrýan “akylly” düşekleri hödürleýär

“Xiaomi” kompaniýasy “Mijia” diýlip atlandyrylýan täze önümleriniň hatarynda ýyladyjy we zyýansyzlandyryjy düşekçeleri hödürledi. Ol ulanyjylara sowukdan we mör-möjeklerden goragly, rahat we howpsuz ýatmaga şert döredýär.

“Mijia Plumbing Blanket” diýlip atlandyrylýan “akylly” düşekçe 5 gatdan ybarat bolar. Bu gatlaryň düýbünde inçejik turbajyklar geçip, onuň içinden gyzgyn suw geçip, ol daşky gatlaryň gyzgyn saklanmagyna mümkinçilik berýär. Bu turbajyklary aýryp, “akylly” düşekçäni kir ýuwujy maşynda ýuwup, arassalap hem bolýar.

Düşekçäni 22 gradusdan 55 gradusa çenli gyzdyrmak bolýar. Ony “Mi Home” mobil goşundysynyň we “XiaoAI” ses kömekçsiniň üsti bilen uzak aralykdan hem dolandyryp bolýar. Oňa guýlan suw 2 aýa ýetip, soň ony özbaşdak doldurmaly bolýar.

ORIENT news

Foto: trinixy.ru

Şeýle hem okaň: