Iň täze habarlar

Suwy arassalaýan robotlar döredildi

20.10.2023 | 22:17 |
 Suwy arassalaýan robotlar döredildi

Günorta Koreýanyň alymlary suwy platik bölejiklerden arassalaýan mikroskopik robotlary döretdiler. Onuň düzüminde eýýäm birnäçe ýüzýyllyklardan bäri bilinýän Berlin aýnasy peýdalanyldy.

Berlin aýnasynyň düzüminde şeýle hem demir, uglerod we azot bar. Alymlar ondan suwdaky plastiklary toplamaga ukyply nanogurluşy döretmegi başardylar. Şeýle hem bu robotlar toplan galyndylaryny bellenen ýere daşap hem bilýärler.

Geçirilen barlaglara görä, nanorobotlar suwuň düzümindäki plastik galyndylaryň 99 göterimini toplamagy başardylar. Bu görkeziji häzirki döwre çenli döredilen innowasion tehnologiýalardan 250 esse netijelidir. Olar adam üçin hem zyýansyz bolup, ulanyşdan aýyrmak hem aňsatdyr.

ORIENT news

Foto: mavink.com

Şeýle hem okaň: