Hytaýly öndüriji uçarmansyz uçýan taksi üçin şahadatnama aldy
16.10.2023 | 23:57 |Uçarmansyz uçujy enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýan Ehang kompaniýasy, uçýan taksi üçin laýyklyk şahadatnamasyny dünýäde ilkinji bolup aldy diýip, ehang.com habar berýär.
Uçýan taksi sagatda 135 km tizlikde ýolagçylary daşamaga ukyplydyr. Uçujylyk ukyplylygy barada şahadatnama, EHang kompaniýasynyň ähli zerur synaglary we gözlegleri üstünlikli tamamagyndan soň Hytaýyň raýat awiasiýasynyň administrasiýasy (CAAC) tarapyndan berildi. Iki ýylyň dowamynda kompaniýa hiç hili hadysasyz 40 müňe golaý synag uçuşyny amala aşyrdy.
EHang kompaniýasy, ýakyn wagtda Hytaýda we daşary ýurtlarda uçýan taksileriniň täjirçilik işini ýola goýmak isleýär. ABŞ, Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly dürli ýurtlardan we sebitlerden howa taksi modeli üçin eýýäm 1,2 müňden gowrak sargyt aldy. EHang-y esaslandyryjy we ýerine ýetiriji direktory Huaçži Hu, Hytaýda şahadatnamanyň beýleki ýurtlarda uçuş rugsatlaryny almagy aňsatlaşdyrjakdygyny aýtdy.
EHang 216 uçýan taksi, şäher hereketi meselelerini çözüp we uglerod zyňyndylaryny azaldyp biljek innowasiýa önümidir. EHang kompaniýasy uçarmansyz uçar pudagynda öňdebaryjy bolup, adamlaryň syýahat etmegi üçin howpsuz, amatly we ekologiýa taýdan arassa ýoly döretmegi maksat edinýär.
ORIENT news