Iň täze habarlar

Hytaý dünýäde iň uly suwasty teleskopy gurar

15.10.2023 | 16:58 |
 Hytaý dünýäde iň uly suwasty teleskopy gurar

Hytaýyň alymlary Günorta-Hytaý deňzinde dünýäde iň uly neýtrin teleskopynyň gurluşygyna girişdiler. “Üç diş” ýa-da “Haýlin” diýlip atlandyrylýan bu taslama kosmos şöhleleriniň gelip çykyşyny we Älem giňişliginiň aňryçäk giňişliklerini öwrenmäge mümkinçilik berer.

2030-njy ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýan taslama dünýäde iň öňdebaryjy tehnologiýaly bolar. Ol Ýuwaş ummanynyň 3,5 kilometr düýbnde bolar. Onuň maksady kosmiki neýtrinolaryň deňiz suwunyň molekulalaryna degip döreýän ýagtylanmalara gözden geçirer. Taslamanyň birinji tapgyryny 2026-njy ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Teleskop şeýle hem wagtyň we giňişligiň simmetriýasyny barlamaga, kwant grawitasiýasyna we gara materiýa düşünmäge tehniki ýardam berer.

Kosmos ýagtylanmalary ähli wagta Ýer ýüzüne düşýär. Bu hadysanyň ýüze çykarylanyna br asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, alymlar onuň nireden gelip çykýandygyna doly akyl ýetirip bilmeýärler. Kosmos ýagtylanmalary şeýle hem, kiçi atom böleklerinden – neýtrinolardan ybarat bolýar. Olar öz gezeginde, kosmos gelip çykyşlaryny anyklamaga ýardam berip biler.

Täze suwasty teleskop bar bolan neýtrin teleskoplaryndan has anyk we onuň Günorta ýarym Şarda ýerleşýän “IceCube” teleskopyndan 10 müň esse güýçli kuwwatlyklary bolar.

ORIENT news

Foto: securitylab.ru

Şeýle hem okaň: