Hytaý Aýda barlag geçirmek üçin ählumumy hyzmatdaşlyga çagyrýar
03.10.2023 | 23:25 |Hytaýyň Milli kosmos edarasy Aýda barlag geçirmek üçin niýetlenen "Çane-8" missiýasyna gatnaşmaga halkara jemgyýetçiligini çagyrýar. Bu barada "Sinhua" agentligi habar berýär.
Ýurtlar we halkara gurmalar 31-nji dekabra çenli Aýda näme ugurlar boýunça barlaglary geçirmek baradaky tekliplerini hödürläp bilerler. Hytaýyň Milli kosmos edarasynyň mälim etmegine görä, Aýyň üstünde dürli barlaglary alyp barmaga ukyply robotlary we dürli innowasion taslamalary bilelikde ýerine ýetirmäge aýratyn orun berler.
"Çane-8" kosmos missiýasyny 2028-nji ýylda Aýa uçurmak göz öňünde tutulýar. Ol Aýda geologik barlaglary geçirip, Aýdan Ýere gözegçilik eder we dürli nusgalary ugradar. 2026-njy ýylda uçuryljak "Çane-7" missiýasy bolsa, Aýyň günorta polýusynda barlaglary geçirer. Bu iki missiýa bileleşip, Aýda barlag stansiýasynyň modelini döretmek boýunça işleri geçirer.
Missiýa barada kabul edilen teklipler geljek ýylyň sentýabrynda belli bolar.
ORIENT news