Iň täze habarlar

Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýol açdy

29.09.2023 | 13:42 |
 Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýol açdy

Hytaýda, ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç sany uly şäheri birleşdirýän özboluşly demir ýoly açyldy. Bu ugur boýunça gidýän otlylar sagatda 350 km tizlige ýetip we bir sagadyň içinde 277 km aralygy geçip biler.

Bu ugurdaky ilkinji otly 28-nji sentýabrda ýerli wagt bilen ir sagat 9:15-de Fuçžou şäherinden ugrady. Soňky barmaly ýerine ýetmezden ozal Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Bu, Fuçžou bilen Sýameniň arasyndaky öň 1 sagat 20 minutlyk ýoluň wagtyny 50 minuta çenli azaltdy.

Demir ýolynyň 19,9 km ugurlary deňziň üstünden geçýänligi sebäpli, onuň haýran galdyryjy görnüşi bar. Ol güýçli şemallara, ýokary tolkunlara, çuň suwlara, poslama we seýsmiki işjeňlige çydamlylygy hasaba alnyp taslamalaşdyrylan ullakan köprüler – Sýuançžouwan, Meýçžouwan we Anhaýwan boýunça üç aýlagdan geçýär. Ugurda jemi 84 köpri we 29 tunel bolup, bu taslama çylşyrymlylygynyň 85% -ini emele getirýär.

Demir ýol gurluşygyna umumy maýa goýum 53 milliard ýuana (7,4 milliard dollar) deň boldy. Bu Hytaýyň ilkinji ýokary tizlikli deňiz demir ýoly bolup, ýurduň günortasynda ulag ulgamyny ösdürmek meýilnamasynyň bir bölegidir.

Hytaý, 2023-nji ýylyň başynda 42 müň kilometre barabar bolan ýokary tizlikli demirýollaryň uzynlygy boýunça dünýä boýunça öňdebaryjydyr. Şeýle hem Hytaý geljekde materik Hytaýy we Taýwany ýokary tizlikli demir ýol arkaly birleşdirmegi meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: Xinhua

Şeýle hem okaň: