Wi-Fi arkaly diwaryň aňyrsyndaky zatlary görüp bolýar
01.10.2023 | 19:34 |Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Santa-Barbara şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary «Wiffract» atly tehnologiýany işläp taýýarladylar. Onuň kömegi bilen Wi-Fi enjamynyň kömegi bilen diwaryň arasyndaky dürli obýektleri görüp bolýar. Munuň üçin adaty Wi-Fi routeri ýeterlikdir.
Bu tehnologiýada "Kelleriň konusy" adyny alan hadysa peýdalanylýar. Ol radioýygylyk şöhlelenmesiniň obýektleriň erňegine degip yzyna serpikýän şöhleleridir.
Konuslaryň emele gelmegi we şöhle emele getirmesi diwaryň aňyrsyndaky obýektleriň suduryny emeli intellekti ýa-da ýörite enjamy ulanmzadan saýgarmaga mümkinçilik berýär. Bu «Wiffract-yň» beýleki usullardan tapawutly aýratynlygydyr.
Täze tehnologiýany işläp taýýarlanlar, onuň geljekde "akylly" öýlerde ulanylyp bilinjekdigine ynam bildirýärler.
ORIENT news