Özbegistanda elektromobiller öndüriler
28.09.2023 | 12:02 |Hytaýyň “BYD Auto” we “Uzwtosanoat” paýdarlar jemgyýeti bilelikdäki täze “BYD Uzbekistan Factory” kärhanasyny döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar.
Resminama ” BYD Company Ltd” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Wan Çuanfunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Özbegistana saparynyň çäklerinde gol çekildi.
Bilelikdäki kärhana elktrik we gibrid görnüşli awtoulaglary öndürer. Olaryň önümçiliginde kompanýa tarapyndan energiýanyň täzeden işlenen görnüşlerini ulanmak maksat edilýär. Kärhananyň gurluşygynyň birinji we ikinji tapgyrlarynda 50 müň awtoulag, üçünji tapgyrda bolsa 300 müň awtoulag öndürmek meýilleşdirilýär.
Bu kärhana hytaý elektromobil kompaniýasynyň ýurduň daşyndaky iň uly kärhanasy bolar. “BYD” kompaniýasy 1995-nji ýylda esaslandyrylyp, häzriki wagtda täze görnüşli energiýa serişdeleri bilen işleýän awtomobilleri öndürmekde dünýäde öňdebaryjy bolup durýar. Onuň awtoulaglary dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda, 400-den gowrak şäherde ulanylýar.
ORIENT news