Şanhaýda metadünýäni döretmek meseleleri maslahatlaşyldy
23.09.2023 | 13:28 |Şanhaý şäherinde Ählumumy metadünýä maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň dürli döwletlerinden 110-dan gowrak hünärmen gatnaşdy. Olar durmuşyň dürli ugurlarynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça pikirlerini we tejribelerini paýlaşdylar.
Ählumumy maslahatda senagatda, lukmançylykda, bilimde, medeniýetde we syýahatçylyk wirtual, tehnologiýa dünýäsini - metagiňişligi ulanmak meselelerine üns berildi. Bu ugurda 30-dan gowrak kompaniýanyň işläp taýýarlamalary köpçülige görkezildi.
Maslahatda "Metaverse Industry" atly Şanhaý innowasion birleşmesiniň döredilýändigi yglan edildi. Onuň maksady sanly ykdysadyýet pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk platforrmasyny döretmek üçin alymlary, bilermenleri bir ýere jemlemekden ybaratdyr.
Metadünýäni döretmek Hytaýyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň dürli pudaklarynda goşmaça durmuş hakykatly wirtiual tehnologiýalary, blokçeýni, bulut hasaplamalaryny, emeli intellekti we internet enjamlaryny giňden ulanmak maksat edilýär. Çaklanyşyna görä, bu ugra degişli enjamlary öndürmek senagatynyň girdejisi 2026-njy ýylda 250 milliard ýuana ýetip biler.
ORIENT news