Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze hil derejesini bellediler

22.09.2023 | 20:09 |
 Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hyzmatdaşlygyň täze hil derejesini bellediler

22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Özbek Lideri döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, bagt, köpugurly hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi.

Biz köp zatlar baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan ýakyn goňşymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Döwlet Baştutanlary söhbetdeşligiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi oba hojalyk, elektroenergetika pudaklaryna, nebitgaz toplumyna we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Soňky ýyllarda sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk has işjeňleşdirildi. Işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklar üstünlikli amala aşyrylýar.

ORIENT news

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: