Küşt oýnamagyň oňat däbi Daşoguzdan gözbaş alýar: hemmeler küşt ýaryşlaryna çagyrylýar
20.09.2023 | 13:10 |Gowy küşt däbi öňden bäri Daşoguzda döräpdir. Patyşalaryň paýhasly oýnuna biperwaý garamaýan şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary, küşt ýaryşyna gatnaşmak üçin aýda bir gezek “Nowruz” kafesinde ýygnanýarlar.
Küşt tagtalarynda oturyp, mekdep okuwçylary we pensionerler, erkekler we zenanlar, hünärmenler we höwesjeňler güýçlerini ölçýärler. Ýeňijiler çagalar, ýetginjekler we ulular ýaly dürli kategoriýalarda kesgitlenýär.
Guramaçylaryň pikiriçe, bu ýaryşlar gatnaşyjylara diňe bir oýun oýnamak we başarnyklaryny ýokarlandyrmak üçin mümkinçilik döretmeýär. Şeýle-de küşt okuwlarynyň we bölümleriniň ýaş talyplary üçin däl, eýsem adaty janköýerler üçin hem ajaýyp we çäksiz küşt dünýäsine çümmek, akyl, döredijilik dünýäsi, strategiýa we kombinasiýalar, geometriýa we hyýal, hasaplama we psihologiýa aralaşmak üçin oňat mümkinçilik döredýär.
Indiki ýaryş 24-nji sentýabrda, ýekşenbe güni geçiriler we bu Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanar.
Ýaryş 11 tapgyrda geçiriler we her bir oýunçynyň hereketi üçin 3 sekunt goşmak bilen oýun üçin 5 minut bölünip berilýär. Gatnaşmak hemmeler üçin tölegsizdir. Bäsleşik üçin onuň baş emini, küşt boýunça sport ussady Ulugbek Matýakubow bilen habarlaşyp bilersiňiz: +99363502706.
ORIENT news