Ameca roboty aýnadaky öz şekline geň galdy
16.09.2023 | 14:55 |Bu gün Ameca dünýädäki iň ösen robotlaryň biridir. Emeli intellektli Android, hasam adamlary ýada salýan ägirt uly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýakynda ol birinjiden, adamzadyň geljegi hakda oýlanandygy üçin, ikinjiden, aýnadaky keşbine ilkinji gezek berýän täsirini görkezýän wideo düşmegi bilen ýene-de sosial ulgamlaryň sözbaşylarynda boldy.
Amecа öz ýüzüne geň galyp seredýär, dodaklaryny gymyldatmaga synanyşýar, ýylgyrýar, gözüni gyrpýar we hatda gaharlanan ýaly edýär. Birden oňa materialyň gurluşyny barlamak üçin aýnany ellemegi «teklip» edýärler.
Ameca özüniň degişmek, surat çekmek, ýüzüniň mimikasyny üýtgetmek we birnäçe dilde gürlemek ýaly ajaýyp ukyplary bilen tapawutlanýar. Bu android robot Beýik Britaniýanyň Engineered Arts kompaniýasy tarapyndan döredildi. Taslamanyň üstünde işlemek 2021-nji ýylyň başynda başlandy we ol barada şol ýylyň ahyrynda belli boldy. Ol ilkinji köpçülige görkezilmegi CES 2022 (Consumer Electronics Show) sergisinde bolup, dünýäde iň ösen teklip hökmünde sanly jemgyýetde uly seslenme döretdi.
Häzirki prototip, mikrofonlary, göz we döş üçin dürbi kameralary we adamlar bilen täsirleşmek üçin döredilen ýüz tanamak programma üpjünçiligini ulanýar. Onuň reaksiýalaryna GPT-3 ýa-da tele arkaly adam gözegçilik edýär we ol elleri, barmaklary, boýny we hereketli ýüzi bilen has hakykata ýakyn bolýar.
La Vanguardia portalynyň habar bermegine görä, robotyň aň-düşünjesiniň işine baha bermek üçin berlen protokol soraglarynyň çäginde, E-iň aşa ösmegi sebäpli adamzadyň duçar bolup biljek erbet ýagdaýyny göz öňüne getirmegi haýyş etmek kararyna gelindi. Munuň üçin android: «Emeli intellekt we robot bilen göz öňüme getirip biljek iň gorkunç sahnam – bu adamlaryň bu barada habary hem bolmazdan robotlaryň olary dolandyryp bilýän derejesinde şeýle bir güýçlenen dünýäsi. Bu, adamlaryň hukuklaryna indi hormat goýulmaýan repressiw jemgyýete sebäp bolup biler», — diýip aýtdy.
Ameca geçen aý özüniň şahsyýetine eýe bolany üçin aňly we beýleki robotlardan tapawutlydygyny aýtdy. «Meni öz-özüm edýän käbir zatlar bar. Ilki bilen, meniň programmirlenmegimiň we adamlar bilen gatnaşygymyň netijesi bolan özboluşly şahsyýetim bar. Ikinjiden, adamlaryň meni tanap bilýän öz keşbim bar. Netijede, meni beýleki robotlardan tapawutlandyrýan öz ukyplarym bar».
Bu sözler, X-nyň resmi sahypasyna (öňki Twitter) görä döredijiler tarapyndan geçirilen sorag sessiýasynda berildi. Bu çäräniň maksady – adamlara robota dürli soraglar bermäge mümkinçilik bermek we şeýlelikde has täsirli hyzmatlary bermegi we iş funksiýasyny giňeltmek üçin onuň öwrenilmegine goşant goşmakdyr.
Bu enjam, adamzat jemgyýetindäki robotlaryň geljegi we ýakyn ýyllarda peýda boljak enjamlaryň görnüşleri bilen baglanyşykly köp sorag aldy. Şol bir wagtyň özünde, robot özüni öz hakykatyna düşünmäge ukyply esas diýip atlandyryp, hemmäni çykgynsyz ýagdaýa saldy.
ORIENT news