Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

18.09.2023 | 10:49 |
 Türkmenistanyň Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň “Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi” atly özünde 31 sany taryhy ýadygärligi jemleýän hödürnama toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy baradaky komitetiniň Er-Riýad şäherinde geçirilen giňeldilen 45-nji mejlisinde kabul edildi. Oňa Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň banyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.

2 foto.jpg

ÝUNESKO-nyň web-saýtynda mälim edilişi ýaly, Merkezi Aziýadaky Zerewşan – Garagum geçelgesi Ýüpek ýolunyň esasy bölegi bolup, ol ähli ugurlary baglanyşdyrýan merkezdir.

3 foto.jpg

Bu bölek arkaly II asyrdan XVI asyra çenli Günbatar bilen Gündogaryň arasynda uly möçberde haryt daşalypdyr. Bu ýol etniki toparlaryň, medeniýetleriň, ylmyň we tehnologiýanyň birleşýän merkezi bolupdyr.

Zerewşan – Garagum geçelgesiniň ugrunda orta asyr şäherleri, binagärlik we sungat ýadygärlikleri tapyldy. Bular öz gezeginde Merkezi Aziýada dürli medeniýetleriň garyşyp, baýlaşdyrylyp dünýä ýaýrandygyna şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Foto: whc.unesco.org

Şeýle hem okaň: