Milli eksponatly türkmeniň «ak öýi» Rumyniýadaky folklor festiwalynyň bezegi boldy
11.09.2023 | 19:28 |Milli eksponatly «ak öýi» görnüşindäki türkmen pawilýony, Rumyniýanyň Konstansa şäherinde şu günler geçirilýän halkara türk- tatar folklor festiwalynda gelim-gidimli ýerleriň biri boldy.
Däp bolan festiwal dünýäniň dürli halklarynyň milli gymmatlyklaryny we döredijilik eserlerini görkezýär. Konstansanyň sahnalarynda türki halklarynyň aýdymlary ýaňlandy we tanslary ýerine ýetirildi. Bu ýyl rumyn medeniýet meýdançasy, myhmanlara reňkli ýarmarkalary we beýleki döredijilik aksiýalaryny hödürlän 40 ýurdyň wekillerini bir ýere jemledi.
Türkmen sergisi, milli gymmatlyklarynyň özboluşlylygy we bollugy bilen festiwalyň myhmanlaryny özüne çekdi. Myhmanlar ajaýyp halylary we el işi bilen bezelen owadan eşikleri, halk senetlerini, ussat zergärleriň we ussalaryň işleri bolan kümüş şaý-sepleri hem-de halk bagşylarynyň saz gurallaryny gördüler.
Türkmeniň geçmişine we geljegine bagyşlanan surat galereýasy, şeýle hem kitap önümleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri myhmanlara Türkmenistan barada gürrüň berdi.
ORIENT news