“Apple” “Type-C” portly ilkinji smartfonlaryny tanyşdyrdy
13.09.2023 | 10:23 |“Apple” kompaniýasynyň täze smartfonlarynda kompaniýa degişli bolan “Lightning” portlaryna derek, indi “Type-C” portlary bolar. Täze portly smartfonlaryň ilkinjileri kompaniýanyň Kupertino şäherindäki ştab-kwartirasynda sişenbe güni tanyşdyryldy.
Şeýlelikde, täze “iPhone 15”, “15 Plus”, “15 Pro”, “15 Pro Max” modelleri “USB Type-C” portlary bilen çykaryldy. Ýewropa Bileleşiginiň ähli agza döwletlerde öndürilýän we bu ýurtlara getirilýän ähli maglumat enjamlarynyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli bitewi “Type-C” portlaryna geçirilmegi hakyndaky kanuny kompaniýa köp ýyldan bäri “el üzüp” bilmedik portlaryny taşlamaga mejbur etdi.
Mälim edilişine görä, “Type-C” portuna geçilmegi kompaniýanyň önümleriniň beýleki enjamlar bilen baglanyşygyny gowulandyrar we zarýad bermekligi aňsatlaşdyrar. Kompaniýanyň Baş direktorynyň mälim etmegine görä, “Type-C” porty geljegiň tehnologiýasy we ulanyjylar üçin iň gowy tejribedir.
Täze aýfon modelleri birnäçe täzelikleri, şol sanda, kuwwatly “A16 Bionic” prosessoryny, optiki ýakynlaşdyrýan we gijeki režimli kämilleşdirilen kamerany, has ýagty we energiýa tygşytlaýjy OLED ekranyny hem-de 5G we Wi-Fi 6E-ni goldaýan aragatnaşyk ulgamlaryny özünde jemledi.
ORIENT news