Iň täze habarlar

Topraksyz nädip ekin ýetişdirmeli?! Türkmen alymy täze usuly oýlap tapdy

04.09.2023 | 09:52 |
 Topraksyz nädip ekin ýetişdirmeli?! Türkmen alymy täze usuly oýlap tapdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň energiýa önümçiligi we üpjünçiligi laboratoriýasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýew işdäaçar taýýarlanylanda gerek bolan azyk önümleri öý şertlerinde toprak ulanmazdan ýetişdirmegiň usulyny hödürleýär. Bu usulda kokos gabygynyň süýümleri peýdalanylýar.

Ýeri özleşdirmezden, gidroponika usulyny ulanmak arkaly alym topraga derek kokos galyndylaryny ulanmak arkaly birnäçe bähbitleri ýüze çykardy. Topraga derek, ösümlikleriň, kömelekleriň, gülleriň we gyrymsy agaçlaryň galyndylary ulanylyp bilner. Mineral serişdelere baýlygy bilen tapawutlanýandygy üçin alym kokos galyndysyny ulanypdyr.

Şeýlelikde, merkeziň alymlary diňe bir gidroponika üçin netijeleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, bu usulyň netijelidigini hem kesgitlediler. Galyndylary ulanmak arkaly şeýle hem, mör-möjeklere we kesellere garşy göreşmek çärelerinden hem dynyp bolar.

Toprak ulanmazdan şeýle usulda ösdürilip ýetişdirilen ekinler özüniň ýokumlylygy we ekologiýa taýdan arasslygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, bu usul himiýa dökünlerine we zyýankeşlere garşy göreş çärelerine çykdajylary azaldýar.

Toprak ulanmasyz – gidroponika usulynyň geljegi onuň dürli giňişliklerde ösdürip bolýanlygydyr. Oba hojalyk pudagynyň ösemgi bilen geljekde toprak arkaly ekilýän ekinler özüniň ähmiýetini ýitirip biler. Onuň ýerine organiki galyndylaryň ulanylmagy özüniň oňyn netijelerini görkezdi.

ORIENT news

Foto: TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi

Şeýle hem okaň: