Türkmenistanda zenan alym ilkinji gezek arheologiýa hünäri boýunça ylymlaryň doktory boldy
23.08.2023 | 10:05 |Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen ylmy geňeşde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni Ejegül Myradowa ylmy jemagatyň öňünde “Günorta-Günbatar Türkmenistan irki demir asyry döwründe (täze barlaglar esasynda)” atly doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady.
Dissertasiýa ýarym asyrlyk ylmy-barlag işleriniň netijesi bolmak bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda ýerine ýetirildi. Ejegül Myradowa arheologiýa hünäri boýunça Türkmenistanda ylymlaryň doktory bolan ilkinji zenandyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýarka, ol öz mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Annageldi Gubaýewiň ýolbaşçylyk edýän arheologiýa gurnagyna gatnaşýar. 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölüminde işe başlaýar. Şol ýyl taryh ylymlarynyň doktorlary, arheologlar Ýegen Atagarryýewiň we Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Şähryslama guralan arheologiýa ekspedisiýasyna gatnaşýar. Bu onuň durmuşynda ilkinji ekspedisiýadygyna we bu işiň öz kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, ol gazuw-agtaryş işinde ýüze çykarylýan her bir tapyndyny eliňe almagyň, üsti açylýan jaýlaryň galyndylaryny görmegiň we täze maglumatlary toplamagyň üýtgeşik lezzetiniň bardygyna göz ýetirýär.
Türkmenistanda iş alyp baran meşhur daşary ýurtly arheologlaryň ylmy ekspedisiýalaryna hem birnäçe gezek gatnaşan zenan alym orta asyr ýadygärlikleri bolan Daňdanakan, Kerwensaraý, Paryzdepe ýaly taryhy ýadygärliklerde alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerine hem gatnaşýar. Onuň ylmy işleri Merkezi Aziýada, şeýle hem Moskwada, Sankt-Peterburgda, Kemerowada, Oksfordda, Parižde, Madridde, Tähranda çap edilýär.
2006-njy ýyldan häzire çenli esasy ylmy işiniň daşyndan, öz toplan bilimini talyplara öwretmek maksady bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynda arheologiýanyň esaslary, Türkmenistanyň arheologiýasy, meýdan arheologiýasy, paleografiýa, numizmatika dersleri boýunça sapak berýär.
Türkmen arheologiýasyna goşan goşandy göz öňünde tutulyp, 2014-nji ýylda alym zenan “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglandy, 2019-njy ýylda bolsa, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
ORIENT news