Iň täze habarlar

Ýewropadaky ilkinji litini gaýtadan işleýän zawod elektrik eletroulaglaryň bir milliona golaýyny çig mal bilen üpjün eder

15.08.2023 | 23:22 |
 Ýewropadaky ilkinji litini gaýtadan işleýän zawod elektrik eletroulaglaryň bir milliona golaýyny çig mal bilen üpjün eder

Ýewropada litini gaýtadan işleýän ilkinji zawod Angliýada peýda bolar. Beýik Britaniýanyň hökümeti “Green Lithium” britan kompaniýasyna Angliýanyň Tissaýd şäherinde litini gaýtadan işleýän zawod gurmaga rugsatnama berdi – diýip, “Euronews” habar berýär.

Ýeňil metal bolan litiý elektrik ulagy batareýalaryny öndürmegiň esasyny düzýär. Şonuň üçin soňky ýyllarda dünýä bileleşiginiň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçiş tizligini iki esse artdyrandygy sebäpli, oňa bolan isleg ep-esli artdy. Bilermenleriň çak edişine görä, 2030-njy ýyla çenli täze awtoulag satuwynyň 60%-ini litiý-ion akkumulýatorly ulaglar düzer. Mysal üçin, ulagyň “Tesla Model S” kysymy üçin batareýany öndürmek üçin, takmynan 12 kg litiý gerek.

Awtoulag öndürijileri häzirki wagtda Gündogar Aziýaly litiý üpjün edijilerine bagly. Bu sanawda dünýädäki litiý-ion batareýasyny öndürmek boýunça kuwwatyň 79%-ini tutýan global EV batareýa üpjünçilik zynjyrynda Hytaý öňdäki orunlary eýeleýär.

Angliýada täze guruljak bu zawod 2027-nji ýylda işe başlar we ýylda 50 000 tonna litiý öndürer, bu bolsa, kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bir million elektrik ulagyny batareýalar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, gurnama litiý öndürmek we gaýtadan işlemek bilen bagly uglerod zyňyndylarynyň 80% azalmagyny üpjün eder – diýlip, habarda bellenilýär.

ORIENT news

Foto: Unsplash

Şeýle hem okaň: