Türkmenistanda “Samsung-yň” eplenýän smartfonlarynyň iň soňky nesli tanyşdyryldy
14.08.2023 | 15:04 |Aşgabatda “Samsung Electronics” kompaniýasynyň eplenýän smartfonlarynyň iň soňky modelleri bolan “Galaxy Z Flip 5” we “Galaxy Z Fold 5” tanyşdyryldy. Ýokary tehnologiki mümkinçiliklere eýe bolan bu smartfionlaryň tanyşdyryş çäresi “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň “Şokolat” klubynda geçirildi.
Innowasion materillardan taýýarlanylan “Galaxy Z Flip 5” ozalky çykan modellerden köp sanly üýtgeşmeleri bilen tapawutlanýar. Premium görnüşde ýygnalan bu smartfony simsiz zarýad berip bolýandygy, sanly SIM-kartlary goldaýandygy we beýleki aýratynlyklary bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Bu görnüşli smartfon gara, ak, çal, ýaşyl, menewşe we sary reňklerde ilata ýetiriler.
“Galaxy Z Flip 5-iň” 256 gigabaýtlyk ýady bolup, bu görkeziji birnäçe smartfonlaryňkydan 2 esse ýokarydyr. Android görnüşdäki smartfon 55 göterim zarýad bilen dolýança bary-ýogy ýarym sagat gerek. Onuň kamerasynda ornaşdyrylan 2 obýektiwa selfi suratlaryny awtonom görnüşde fokuslary saýlap almaga mümkinçilik berýär. Onda alnan suratyň ýaýrawy 4-3 müňe ýetip, kamerada ornaşdyrylan “PRO” funksiýasy her bir adamyň professional derejede surata alyp bilmegi üçin şert döredýär. “Galaxy-nyň” täze nesli arkaly suratlary ýokary hilli efektler bilen alyp bolýar.
“Galaxy Z Fold 5” öňki görnüşdäkiden az-kem üýtgedildi. Täze smartfon ozalkysyndan 3 mm inçe görnüşde çykarylyp, ol eplenende ozalky smartfonda bolşy ýaly, ekranyň ýüzündäki tozan we beýleki bölejikleri ornaşdyrylan “çukurjyga” ýygnamaz. “Galaxy Z Flip 5-iň” esasynyň metaldan ýasalandygyna garamazdan, onuň alýuminiý korpusy smartfony ozalkydan ýeňil etdi.
Täze smartfonlaryň resmi ilkinji tanyşdyryş çäresi iýul aýynyň ahyrynda geçilipdi. Olaryň satuwyna bolsa, 11-nji awgustda başlandy. “Galaxy Z Flip 5” we “Galaxy Z Fold 5” smartfonlaryny eýýäm kompaniýanyň önümleriniň resmi distribýutorlarynda elýeterli boldy. Eplenýän smartfonlaryň täze nesilleriniň satuwyna Aşgabat şäherinde hem badalga berildi.
ORIENT news