Iň täze habarlar

Emeli intellekt indi “Google-da” grammatiki ýalňyşlyklary tapar

09.08.2023 | 19:37 |
 Emeli intellekt indi “Google-da” grammatiki ýalňyşlyklary tapar

“Google” özüniň gözleg ulgamynda ulanyjylar emeli intellekt arkaly grammatiki ýalňyşlyklary tapmaga mümkinçilik döreder. “GrammarCheck” diýlip atlandyrylýan täze hyzmat ulanyjylaryň gözleg soraglaryndaky grammatiki ýalňyşlyklary tapar.

Munuň üçin “Google” arkaly gözlenilýän soragyň yzyna “grammar check” diýilýän söz düzümini goşmak ýeterlik. Ulgam soragda bar bolan ýalňyşlyklary tapawutlandyryp görkezýär.

Eger-de gözlenilen soragda grammatiki ýalňyşlyk tapylmasa, onda emeli intellekt onuň dogry ýazylandygyny aňlatmak üçin ýaşyl reňkdäki belgi bilen tapawutlandyrýar. Ulgam ýalňyşlyklary düzetmegiň ýollaryny hem salgy berýär.

Eger-de, seniň dogry ýazyp bilmek ukybyň pes bolsa, indi gynanyp oturasy zat ýok. “Google” bu babatda ýakyn ýardamçy bolup biler. “GrammarCheck” hyzmaty häzirlikçe diňe iňlis dilinde elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: ferra.ru

Şeýle hem okaň: