ÝUNESKO 2025-nji ýyla çenli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň buzluklarynyň kartasyny düzer
10.06.2023 | 13:08 |ÝUNESKO Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky we Gazagystandaky buzluklaryň we buzasty kölleriň kartasyny döreder. Bu barada ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule Gazagystanyň paýtagtynda geçen «Astana» halkara forumynda beýan etdi – diýip, TASS habar berýär.
«2021-nji ýyldan bäri biz sebidiň dört döwleti bilen ylmyň üsti bilen çuňňur düşünmegi üpjün etmegiň we buzluklaryň eremegi sebäpli dag kölleriniň hanasyndan çykmagyna taýýarlanmagyň üstünde işleýäris», — diýip, belläp, ol muňa gatnaşýan sebitiň ähli ýurtlaryny töwekgelçilikleriň bahalandyrylmagyny geçirmäge çagyrdy.
ÝUNESKO-nyň baş direktory sebitiň bäş ýurdy bilen sebitleýin kriosferany – buzuň barlygy bilen häsiýetlendirilýän Ýeriň geografiki gabygynyň birini monitoring etmek boýunça bilelikdäki taslama badalga berilýändigini habar berdi. Bu buzlar hakda, baky doňaklyk we gar serişdeleri hakynda çuňňur düşünje almaga mümkinçilik berjek bu görnüşdäki ilkinji barlag bolar.
ORIENT habarlar