Iň täze habarlar

Ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça okuw-tejribelik sapaklary geçirildi

10.06.2023 | 13:05 |
 Ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça okuw-tejribelik sapaklary geçirildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri, fitosanitar lukmanlary keselleri anyklamak, şol sanda inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça okuw-tejribelik sapaklaryny geçdiler.

Okuw-tejribelik sapaklary inçekeseliň öňüni almak, dem alyş agzalaryny goramak, näsagy bejermek bilen bagly tejribelik çäreleriniň birnäçesini öz içine aldy. Okuw möwsüminiň ahyrynda inçekeseliň öňüni almak boýunça göreş çäreleriniň meýilnamasy taýýarlandy.

Okuw-tejribelik sapaklaryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilelikde guradylar.

ORIENT news

Foto: Instagram.com / @who_turkmenistan

Şeýle hem okaň: