Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Russiýanyň güni Aşgabatda bellener

10.06.2023|12:56|
1151
russiyanyn-guni-asgabatda-bellener
Surat çeşmesi: arhiwi

Russiýanyň güni mynasybetli 11-nji iýunda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda baýramçylyk konserti guralar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, “Rossotrudniçestwo-nyň” ýurt boýunça wekili Ýuliýa Zaýsewa “ORIENT-e” habar berdi.

Baýramçylyk konsertinde Resul Klyçewiň dirižýorlyk etmeginde Döwlet simfoniki orkestri bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary bilen rus nusgawy we sowetler döwründe düşürilen filmleriň meşhur sazlaryny ýerine ýetirerler.

Baýramçylyk konsertini Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Russiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy we ilçihananyň medeniýet bölümi bilelikde guraýarlar.

Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenýän Russiýanyň güni – Russiýa Federasiýasynyň döwlet baýramydyr.

Baýramçylyk konserti 11-nji iýunda sagat 18:00-da başlanýar. Konserte giriş tölegsizdir.

Russiýanyň güni Aşgabatda bellener